                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenilip, strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklary nygtaldy.
Söwda-ykdysadyýet, e...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Legari bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerine garadylar. Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň häsiýeti, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan uly mümkinçilikler bellenildi....]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýgulyýewiň Katar Döwletiniň iş saparynyň çäginde bu ýurduň Baş gümrük gullugynyň başlygy Ahmed bin Abdullah Al Jamal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň gümrük gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüji syýasaty esasynda ýurdumyzyň dünýäniň köp sanly döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Aşgabatda, Nebitgaz toplumynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi.
Onuň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ermenistan Respublikasynyň çäk dolandyryş we infrastruktura ministri Dawit Hudatýanyň başlyklygynda wekiliýet agzalary gatnaşdylar.
Toparyň türkmen we ermeni taraplaryndan başlyklary duşuşygy açyp, häzirki döwürde ýurtlarymy...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Brýussel şäherinde «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 25-nji mejlisi geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, Ýewropa tarapyna bolsa Ýewropa daşary gatnaşyklar gullugynyň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene ýolbaşçylyk etdiler.
Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistany...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny bellediler.
Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanyp, bir gün öň Türkmenistanyň DIM-inde geçir...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 23–25-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Döwlet Taşliýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň çäklerinde 23-nji noýabrda Rim şäherinde Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň Italiýanyň Hasap palatasynyň prezidenti Gwido Karlino bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda italýan tarapy Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň işi, onuň esasy wezipele...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Terehowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ýokary derejedäki amala aşyrylan saparlaryň we duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler.
Halkara gura...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-rus gün tertibiniň häzirki meselelerine garadylar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar we bilelikdäki işiň mundan beýläkki ugurlaryny kesgitlediler....]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny tanyşdyrdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Sunway uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi talyplara döwlet ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlary, ýaş nesli goldamak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem ýaşlaryň bilim, ylym we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar barada maglumat berdi.
Duşuşykda «Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Tü...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landawy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de pursatdan peýdalanyp, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ener...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýewiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi.
Taraplar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Ýokary we iň ýok...]]></description>
                <description><![CDATA[Paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.
Bu dabara mynasybetli Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertine gatnaşmak üçin medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, nusgawy Ýewropa sazynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.
Açyly...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirildi.
Mejlis başlanmazdan ozal, oňa gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylary hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilelikde resmi ýadygärlik surata düşdüler.
Soňra «Awaza» toplumynyň uly mejlisler zalynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi ö...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hirosi bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda ik...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 18-19-njy noýabry aralygynda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow, Gyrgyzystanyň wekiliýetine Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, suw gorlary, oba hojalygy we gaýtadan işlenýän senagat ministri Erlist Akunbekow ýolbaşçylyk etdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Walentina Matwiýenko pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Milli Lid...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbit...]]></description>