RSS

LATEST NEWS

pic
2 Mar

KHBS ÜÇIN MAGLUMAT

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär. Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde ähli çylşyrymly halkara meseleleriň syýasy-diplomatik serişdeleriň we usullaryň ulanylmagy arkaly BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara...

READ MORE
pic
27 Feb

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini nygtadylar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe boldy. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn dialogy go...

READ MORE
pic
27 Feb

Türkmenistan we Azerbaýjan Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky dialogy pugtalandyrýarlar

2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow hem-de Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Şarifow ýolbaşçylyk etdiler. Maslahatyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini, şeýle hem sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahat...

READ MORE
pic
27 Feb

Diplomatik protokol boýunça gysgamöhletleýin okuw tamamlandy

2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň çäklerinde guralan diplomatlar we beýleki hünärmenler üçin gysgamöhletleýin okuw üstünlikli tamamlandy. Okuwyň jemleri boýunça diňleýjilere dabaraly ýagdaýda ýörite şahadatnamalar gowşuryldy. Okuwa ýurduň daşary syýasat edarasynda işleýän diplomatlar we hünärmenler, şeýle hem daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň, konsullyk...

READ MORE
pic
27 Feb

Londonda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lancaster Haus binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Beýik Britaniýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen işewürlik kabul edişligine gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Dewid Lemmi giriş sözi bilen çykyş edip, Merkezi Aziýa bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de durnukly hyzmatdaşlyk taslamalaryny ösdürmegiň ähmiýetini belledi....

READ MORE
pic
27 Feb

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda akademiki hyzmatdaşlyk giňeldilýär

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bilim, ylym we hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda: Türkmenistanyň Bilim minis...

READ MORE
pic
27 Feb

Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri bilen duşuşyklar

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuperiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we daşarky çäkler boýunça Döwlet ministri Stiwen Dauti hem gatnaşdy. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy, sebit gün tertibi hem-de halkara ähmiýetli häzirki meseleler ara alnyp masla...

READ MORE