SOŇKY HABARLAR
Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenilip, strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklary nygtaldy. Söwda-ykdysadyýet, e...
Pakistan Yslam Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Legari bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerine garadylar. Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň häsiýeti, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan uly mümkinçilikler bellenildi....
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň Katar Döwletine iş sapary
2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýgulyýewiň Katar Döwletiniň iş saparynyň çäginde bu ýurduň Baş gümrük gullugynyň başlygy Ahmed bin Abdullah Al Jamal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň gümrük gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüji syýasaty esasynda ýurdumyzyň dünýäniň köp sanly döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli...
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Aşgabatda, Nebitgaz toplumynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ermenistan Respublikasynyň çäk dolandyryş we infrastruktura ministri Dawit Hudatýanyň başlyklygynda wekiliýet agzalary gatnaşdylar. Toparyň türkmen we ermeni taraplaryndan başlyklary duşuşygy açyp, häzirki döwürde ýurtlarymy...
Brýusselde «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 25-nji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Brýussel şäherinde «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, Ýewropa tarapyna bolsa Ýewropa daşary gatnaşyklar gullugynyň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene ýolbaşçylyk etdiler. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistany...
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny bellediler. Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanyp, bir gün öň Türkmenistanyň DIM-inde geçir...
Türkmen wekiliýetiniň döwlet maliýe gözegçiligi ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen Italiýa Respublikasyna iş sapary
2026-njy ýylyň 23–25-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Döwlet Taşliýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde 23-nji noýabrda Rim şäherinde Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň Italiýanyň Hasap palatasynyň prezidenti Gwido Karlino bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda italýan tarapy Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň işi, onuň esasy wezipele...