img
EMBASSY OF TURKMENISTAN
MALAYSIA - KUALA-LUMPUR
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen gepleşikleri

photo

2026-njy ýylyň 18-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Si Szinpin belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi hem-de Hytaýda şu gezekki sapara ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany hökmünde garalýandygyny belledi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Başlyk Si Szinpin Gahryman Arkadagymyzy hem-de döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen gutlap, şu gün Hytaý Täze ýylynyň soňky gününiň bellenilýändigini we bu iki baýramyň gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, özara hormat goýmagyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iberen salamyny ýetirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaýyň halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, häzirki wagtda taraplaryň yzygiderli tagallalary netijesinde munuň üçin ähli zerur şertleriň döredilendigine ünsi çekdi.

Öz gezeginde, Si Szinpin Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, Hytaýyň bu teklipleri yzygiderli goldajakdygyny tassyklady.

“Özara hyzmatdaşlyk iki döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistan hem-de Hytaý döredijiligiň, hyzmatdaşlygyň ýoly bilen öňe barýarlar we bilelikde uly netijeleri gazanýarlar” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Si Szinpini we ähli hytaý halkyny Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň mejlisleriniň üstünlikli geçirilmegi hem-de bu ýokary syýasy forumlarda möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen gutlady.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Hytaý üçin Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny, Hytaýda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berilýändigini hem-de goldanylýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň HHR-iň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny tassyklady. Milli Liderimiz Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Ýangyç-energetika ulgamynda Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň wajyp ähmiýetini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, şunda ylym we bilim ulgamlarynyň möhüm orny bellenildi.

Öz gezeginde, HHR-iň Başlygy ylym, bilim we beýleki durmuş ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy hem-de ýakyn wagtda Türkmenistanda “Lu Ban ussahanalaryny” hem-de Adaty hytaý lukmançylyk merkezini açmak boýunça taslamalaryň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.

HHR-iň Başlygy Hytaýyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, intellektual eýeçilik we atçylyk ugurlarynda tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady. Şeýle-de ol Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň ýokary ekologik derejesi bilen tapawutlanýandygyny belläp, Hytaýyň oba hojalyk pudagynda, hususan-da, ýokary öndürijilikli tehnikalary ibermek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” energetikany ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin köklerini gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Duşuşykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz we HHR-iň Başlygy dostlukly gezelenç etdiler.

Soňra özara sowgat alyşmak dabarasy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ahalteke bedewini sowgat berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ajaýyp sowgady hoşallyk bilen kabul edip, Hytaýda ahalteke bedewlerine uly hormat goýulýandygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary dowam edýär.