img
EMBASSY OF TURKMENISTAN
MALAYSIA - KUALA-LUMPUR
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik barada

photo

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy bilen birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdiler.

Şunuň bilen birlikde, A. Arakçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Eýranyň çagalaryna iberilen ynsanperwer kömek  üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi hem-de bu hoşniýetli we ynsanperwer kömegiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi