AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ AZERBAÝJANYŇ MILLI MEJLISINIŇ BAŞLYGY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy.

Hormatly Arkadagymyz Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp hem-de Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentleriň derejesindäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

Soňra duşuşyk iki ýurduň parlament wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany okalýar. Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy bu sylaga türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysyna ýokary sylagy gowşurdy we bu şanly waka bilen gutlap, oňa alyp barýan işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, öz tarapyndan, iki doganlyk ýurduň, olaryň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goldaw berjekdigini nygtady.

Günüň ikinji ýarymynda Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy. Şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi we bu ýerde dünýä belli milli halyçylyk sungatymyzyň ajaýyp nusgalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygynyň hormatyna resmi kabul edişlik guraldy. Onuň dowamynda sungat ussatlary çykyş etdiler.