img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Noý

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arz...

DOWAMY
pic
11 Noý

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Ahmet Çalyk wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan şu gezekki saparynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmagyn...

DOWAMY
pic
11 Noý

Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy....

DOWAMY
pic
11 Noý

Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Halkara howa Arkadag menzilinde Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şener Jebeji bilen gürrüňdeş boldy. BMG-niň Howanyň üýtgemegi ba...

DOWAMY
pic
10 Noý

Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlaryň aýdyňlygyny üpjün etmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrýar

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde «Howa maglumatlaryndan tehnologiýalara tarap: “Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslama bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan...

DOWAMY
pic
10 Noý

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şener Jebejiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa...

DOWAMY
pic
10 Noý

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa onlaýn duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Enfildli Lord Wudyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklarynyň gün tertibiniň möhüm meselelerine seretdiler hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň aýratyn ä...

DOWAMY