TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ SAÝLAWLARY BOÝUÇA ÖŇÜNDEN SES BERMEK BAŞLANDY

2023-nji ýylyň 26-njy martynda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukuklaryny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Saýlawçylaryň saýlaw uçastoklarynda ses bermekleri üçin ähli şertler üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, öňünden ses bermek 2023-nji ýylyň 16-njy martyndan başlandy.

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynda öňünden ses bermek her gün sagat 09:00-dan 18:00-a çenli geçirilýär.

Saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek, degişli saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen saýlaw hukukly raýatlar saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on gün galandan başlap, saýlaw uçastoklarynda ses berip bilerler.