MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ESERLERI MALAÝ DILINE TERJIME EDILÝÄR

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynda, türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça, Ilçi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Terjime we kitaplar institutynyň (ITBM) Ýerine ýetiriji direktory Sakri Abdullahyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Malaýziýanyň Terjime we kitaplar institutynyň Neşirýat departamentiniň başlygy Haýrulnizam Mohamad Yunis, şol departamentiň hünärmeni Ýurina Pieei, Awtorlyk hukugy bölüminiň başlygy Nur Hanani Laidin we Ilçihananyň 2-nji sekretary Y.Sähedow dagylar gatnaşdy.
Ilçi M.Maşalow, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli neşir edilen «Magtymguly» atly kitaby malaý diline terjime etmek barada ylalaşyk gazanylandygyny we bu mesele boýunça Türkmenistanyň hökümetinden degişli rugsadyň alnandygy barada habar berdi.
Bu babatda, malaý tarapy, terjimeçilik we neşir etmek işlerine ýakyn wagtda başlajakdygyny ynandyryp, bu mesele bilen bagly ähli işleriň 2-3 aýyň içinde tamamlanjakdygyny mälim etdi.
Öz gezeginde türkmen tarapy, Malaýziýanyň Premýer-ministri jenap Anwar Ibragimyň 2025-nji ýylyň başynda Türkmenistana resmi saparynyň meýilleşdirilýändigini belläp, malaý diline terjime ediljek «Magtymguly» atly kitabyň bu möhüm saparyň öňüsyrasynda neşir edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Malaýziýanyň Terjime we kitaplar institutynyň (ITBM) Ýerine ýetiriji direktory Sakri Abdullah degişli terjimeçilik we neşir işlerini dogry we tiz wagtda ýerine ýetirmek üçin, agzalan kitabyň elektron görnüşiniň we içindäki suratlaryň we ýazgylaryň ýokary hilli elektron faýl görnüşinde berilmegini haýyş etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege minnetdarlyk bildirip, bu mesele boýunça bilelikde ysnyşykly işlemeklige ynam bildirdiler. Duşuşyk açyklyk hem-de özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.