Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisiniň we Malaýziýanyň Daşary işler ministriniň arasynda hoşamaýlyk duşuşygy geçirildi

Malaýziýanyň Daşary işler ministri jenap Dato’ Saifuddin Abdullah bilen Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisiniň arasynda 2020-nji ýylyň 13-nji fewralynda Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginde hoşamaýlyk duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 11-12 dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Premýer-ministri Tun Dr. Mahathir Mohammadyň adyna ýollan çakylyk hatynyň asyl nusgasyny gowşurdy.

Şeýle hem, taraplar özära bähbitli ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.