BAKY BIRATARAP WE GARAŞSYZ TÜRKMENISTANA 30 ÝYL!

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" şygary bilen bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 26-njy we 27-nji sentýabrynda günüň agşamky ýarymynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki uzynlygy boýunça günorta-güdogar aziýada 1-nji orunda we dünýäde 7-nji orunda hem-de boýy 421 metr bolan, “Menara Kuala Lumpur (KL Tower)” telediňi Türkmenistanyň milli baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäheriniň merkezi “Merdeka” (Garaşsyzlyk) meýdançasynyň öňünde ýerleşen, boýy 93 metr we ini 37 metr bolan, Malaýziýanyň iň uly LED monitorynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite wideoşekiller halk köpçüligine ýetirildi. Şeýlelikde, şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Türkmenistan bilen, döwletimiziň daşary syýasaty bilen hem-de ykdysady, medeni we sport ugurlarynda ýetilen sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi.