Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Bazarlar - şäherleriň joşgunly durmuşy

Mowzuklaýyn makalalar ýurdumyzyň çäginden geçýän Ýüpek ýolunyň gadymy döwürlerde esasy “hemrasyna” öwrülen kerwensaraýlar hakyndaky gürrüňden başlandy. Şu gün gürrüň taryhy ýoluň ugrunda ýerleşen we diňe bir söwdanyň däl, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi hasaplanylýan şowhunly bazarlar hakynda bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda durmuşdan alnan bu waka örän çeper beýan edilýär:

“...Darajyk köçeler çeşmejikler ýaly, köp adamly bazarlara tarap akypdyr. Giden uly mähellede her hili reňkli selleliler, tahýalylar, ýaglyklylar, telpekliler, bagananylar, çüri telpekli miüneçjimler gözüň ilýän ekeni. Dürli ýurtdan gelenler daň atanyndan bazar tarapa alňasapdyrlar...”

2. Bazarlar - şäherleriň joşgunly durmuşy

Häzirki döwürde uly bolsun, kiçi bolsun, ähli şäherlerde bazarlar bar. Munuň özi hemme ýerde şeýle bolupdyr. Gadymy döwürlerden bäri alyş-çalyş we söwda işleriniň guralýan ýerlerinde ilkinji şäherler emele gelipdir. Aziýanyň we Ýewropanyň bazar meýdançalary şol özboluşly çägi emele getirip, ol ýerde her günde diňe bir haýsydyr bir harydy satmak ýa-da satyn almak üçin däl, eýsem, pikir alyşmak, köpçülikleýin çärelere gatnaşmak we ýüze çykýan täzeliklerden habarly bolmak maksady bilen adamlar duşuşypdyrlar.

Köşk jarçylary bazar meýdançalaryna çykyp, döwlet permanlaryny yglan edipdirler. Söwdagärler geleşikleri baglaşypdyrlar. Artistler we sazandalar halky begendiripdirler. Bir söz bilen aýdylanda, gadymy döwürde we orta asyrlarda bazarlar möhüm jemgyýetçilik merkezi hökmünde hereket edipdir. Ol ýerlerde taryha giren wakalar döräpdir. Bazarlaryň ilkibaşky ykdysady, has takygy, täjirçilik ähmiýeti olary tutuş adam süňňüniň merkezi bolan ýürek bilen deňeşdirmäge mümkinçilik beripdir. Şäherler bazarsyz ýaşap bilmändir.

Dürli döwürlerde şäher bazarlarynyň dürli görnüşleri bolupdyr. Biz Gündogaryň ellinistik bazarlarynyň nähili keşpdedigini bilmeýäris. Olarda kerwen ýollary arkaly halkara söwdasyyň amala aşyrylandygy baradaky ýazgylar we arheologiýa maglumatlary häzirki zaman ylmynda ýok. Megerem, olar amatly giňişlikde ýerleşip, oňa söwdagärler we müşderiler ýygnanyşandyrlar. Bilelikde olar gün şöhlesinden goranyp, telärleriň aşagyna üýşendirler.

Iri şäherlerde ýörite dükanlaryň we tutuş söwda hatarlarynyň gurlan bolmagy mümkin. Ýöne olara geçen wagt örän ýowuz daraşypdyr. Şeýle-de bolsa Türkmenistanyň ajaýyp binalary, metjitleri, kerwensaraýlary, ýaşaýyş jaýlary, içki howlulary, senetkärleriň ussahanalary bolan taryhy şäherleri bazarlaryň bolmagy bilen ýa-da bazarlaryň töwereginde döräpdir. Bazar diňe bir sarp ediş islegi kanagatlandyrmak üçin däl, eýsem, senetkärçilik önümçiliginiň ýola goýulýan ýerine öwrülipdir.

Adaty bazarlar bilen bir hatarda, harytlaryň belli görnüşleriniň, öý haýwanlarynyň, amaly-haşam senekärçiligiň önümleriniň söwdasy boýunça aýratyn, ýöriteleşdirilen bazarlar bolupdyr. Beýik Seljuklar döwründe gadymy Merwde çörek, däne, gök we miwe önümleriniň söwdasy boýunça bazarlar bolupdyr. Metjitleriň ýanynda, şäher derwezeleriniň golaýynda köne bazar bolup, şol ýerde bugdaý söwdasy ýola goýlupdyr.

Ýörite wezipedäki adamlar bazar söwdasyna gözegçilik edipdirler. Olar pullaryň mäheginiň dürsdügini, agram ölçegleriniň anyklygyny, şeýle hem pullaryň hümmetini gözegçilikde saklapdyrlar. Munuň özi manatlaryň hümmetinden hyýanatçylykly peýdalanmagyň öňüni alypdyr. Täjirler hem şäher senetkärleri ýaly degişli salgytlary töläpdirler. Salgyt ýygnamagyň möçberi we onuň anyk kadalary bize belli däl, ýöne ýerli edara ediş bölümleri söwdadan alynýan salgydyň möçberlerini olaryň girdejisine görä kesgitläpdirler. Täjirleriň girdejisiniň möçberi bir ýylda 16 müň dinara ýetse, şol mukdar hasaba alnyp salgytlar ýola goýlupdyr.

Şeýle hem Seljuklar döwrüniň söwdagärlere salýan sargytlary barada birnäçe bölekleýin maglumatlar saklanypdyr. Hususan-da, kerwenleriň şähere girýän ýerinde “taýýarat” atly şäher salgytlary alnandygy barada ýatlanylýar. XII asyrda Seljuklar döwletinde et söwdasy bilen meşgullanýan täjirler her ýylda 50, mata satýanlar bolsa 500 dinar salgyt töläpdirler.

Dehistanyň, Horasanyň we Horezmiň şäher içindäki bazarlary arap geografiki çeşmelerde “suk” we “aswak” sözleri, pars çeşmelerinde bolsa “bazar” sözi bilen aňladylypdyr. Araplaryň “suk” sözi söwda edilýän ýeri: bazary we söwda dükanlary bolan köçäni aňladypdyr. “Çawrusuk” adalgasy dünýäniň ilkinji dini hasaplanylýan zoroastrizmiň mukaddes kitaby diýlip yglan edilen “Awestada” “dörttaraply” bazar, has soňkurak döwürde bolsa “çaharsu” ýa-da gysga görnüşdäki “çarsu” görnüşinde bolupdyr.

Ýazuw çeşmelerine laýyklykda, Merwdäki çarsu ýeri Soltan galanyň merkezinde, Soltan Sanjaryň aramgähiniň ýanynda bolupdur. Birnäçe ýyl mundan ozal Tim Uilýamsyň ýolbaşçylygyndaky türkmen-britan arheologik topary bu meşhur aramgähden 100 metr daşlykda ýerleşen uly bazar desgalaryň gazuw-agtaryş işlerine girişdi. Şäheriň dört derwezesine tarap uzaýan iki ulgamlaýyn köçeleriň çatrygynda söwda merkeziniň ösmegi Orta Aziýanyň uly şäherlerine mahsus ýagdaý bolupdyr.

Gündogar şäherleriniň köçeleriniň ugrunda bazarlary ýerleşdirmek ýörelgeleriniň taryhy gözbaşy antik döwürden gaýdýar. X asyryň arap taryhçylary “örän owadan ýapyk bazarlaryň” bolandygy baradaky maglumatlary galdyrypdyrlar. Orta asyrlardaky türkmen şäherleriniň köçelerindäki ýapyk bazarlar merkezi çatrykdan şäher derwezeleriniň 4-sine tarap hem uzapdyr. Şunlukda, XII asyrda Daşoguz welaýatynyň Diýarbekir şäherindäki ägirt uly söwda toplumynyň bolandygyndan çen tutsaň, olaryň bir bitewi ulgamda ýerleşendigine göz ýetirýärsiň.

Şäheriň içinden geçýän köçeleriň iki tarapynda ýerleşen üsti gümmezli ýapyk bazarlar timuritler döwrüniň ýylýazgylary boýunça hem bellidir. Angliýaly jahankeşde Entoni Jenkinso 1558-nji ýylda Köneürgençde gören zatlary barada şeýle ýazgyny galdyrypdyr: “Şäherde üsti ýapyk uzyn köçe bar, ol bazar ýeri hökmünde hyzmat edýär”.

Akademik Sergeý Tolstowyň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýanyň arheologlary geçen asyryň ellinji ýyllarynyň başlarynda, megerem, şu köçäni gazyp agtarandyrlar. Ol ýerde kerwensaraý hökmünde belli bolan ýeke-täk desga biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri saklamak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdirliginiň arheologlary 60 ýyl mundan ozal S.Tolstowyň ýolbaşçylyk eden toparynyň başyny başlan gazuw-agtaryş işlerini dikeltdiler.

“Köp şahaly söwda köçeleriniň iki tarapynda söwda dükanlarynyň hatary bolup, onuň gatnawly ýeriniň üstünde gümmezli üçekler bolupdyr we ol ulgamlaýyn giňişligi öz içine alypdyr” diýip, binagärlik taryhçysy Liýa Mankowskaýa ýazýar.

Söwda köçeleri köplenç halatda ýeňil gurnamalardan bina edilipdir we gamyş bilen basyrylypdyr. Olar, elbetde, uzakmöhletleýin bolmandyr we hiç ýerde saklanmandyr. Ýöne şeýle söwda giňişligini guramak yzygiderli dowam edipdir. Häzirki döwürde Yspyhanda, Töwrizde we Stambulda şeýle bazarlaryň bolmagy Merw, Amul ýa-da Köneürgenç ýaly iri şäherleriň ýitip giden gadymy bazarlary barada düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Yslam döwründen ozalky döwürde Marynyň, Buharanyň we sebitiň beýleki şäherleriniň ýapyk bazarlary X asyryň taryhçysy al-Makdisiniň bellemegine görä, sogdi ýurtlarynda “tüm” sözi bilen atlandyrylypdyr. Bazaryň içki bölümlerinde hem söwdalar guralypdyr. Olar senetkärler tarapyndan gurlan howlular bolup, şol ýerde senetkärleriň önümlerini araçylsyz satyn almak mümkinçilikleri döräpdir.

Gadymy ýazuw çeşmelerine salgylanyp, araplaryň gelmezinden ozalky döwürde bazarlaryň ugurdaş häsiýete eýe bolandygyny we senekärçiligiň dürli görnüşleriniň önümleri bilen tapawutlanandygyny bellemek bolýar. “Tüm” adalgasy belli-belli desgalara we söwda hatarlaryna degişli bolup, ol bu ulgamyň ähmiýetini aňladypdyr. Munuň özi birnäçe asyrlar geçenden soň şol durşuna saklanypdyr.

Sözlüklerde “tüm” sözi bilen manydaş araplaryň “menzil” sözi getirilýär. Ol söwda üçin niýetlenen binany aňladýar. Munuň özi wagtlaýyn düşelge, şeýle ady bolan söwda desgalary hakynda düşünje berýär we munuň şeýledigini XI asyr taryhçysy Ybraýym-Tamgaç-hanyň “Wakfnama” atly ýazgysy tassyklaýar. Onda kerwensaraýlaryň we tümleriň hem-de hüjreleriň, athanalaryň, bede saklanýan ammarlaryň sanawy getirilýär.

Umumy binagärlik aýratynlyklary bolan myhmanhanalardaky söwda dükanlary we tümlerdäki desgalar ähmiýeti babatda meňzeş bolandygy baradaky düşünjäni döredýär. Orta asyrlardan soňky maglumatlara görä, Yspyhan Beýik Seljuklaryň paýtagty bolupdyr.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýlleýşi ýaly, şäher kerwensaraýlarynda wagtlaýyn ýaşaýyş desgalary, umumy ýaşaýyş jaýlary, önümçilik we söwda otaglary jemlenipdir. XI asyrda söwda-pul gatnaşyklary karzlaşdyrmak häsiýetine eýe bolupdyr. Munuň özi şäher bazarlarynyň düzümine girýän ýöriteleşdirilen maliýe edaralarynyň döremegini şertlendiripdir.

Şäher söwdasynyň çäklerinde jemgyýetçilik binalarynyň ählisine gözegçilik ýola goýlupdyr. Metjitler we medreseler bazarlaryň aralygynda ýerleşdirilipdir. Orta asyr bazarlaryny köpugurly jemgyýetçilik toplumyna öwürmek şäherde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň esasyny düzüpdir. Şeýle özgertmeler şäheriň ähli çäklerinde ýaýbaňlandyrylypdyr.

Häzirki döwürde bu ýörelge Türkmenistanda döwrebap görnüşe eýe boldy. Ilki paýtagtymyz Aşgabatda, soňra bolsa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köpugurly iri söwda bazarlary emele geldi. Olar gündogar bazarlarynyň binagärlik ýörelgelerine laýyklykda we häzirki zamanyň mahabat çözgütleri hem-de ýerli aýratynlyk bilen utgaşyklykda gurlup, türkmen myhmansöýerligini we ösen söwdany özünde jemleýär.

Täze taryhy eýýamda Ýewraziýa giňişliginiň söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň ähmiýeti onuň geografiki taýdan amatlylygy babatda has-da ýokardandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, XXI asyrda täze derejede dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly ýüzlerçe ýyl mundan ozal bolşy ýaly, Gündogar bilen Günbatary we Demirgazyk bilen Günortany baglanyşdyryp, Türkmenistanyň çäginden geçýär hem-de halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ulgamynda möhüm orun eýeleýän döwletimiziň derejesini pugtalandyrýar.