Delide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi

2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek çarçuwasynda, şeýle hem, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Nýu Deli şäheriniň «Täj Mahal» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Hindi-Türkmen Dostluk Jemgyýeti bilen bilelikde «Garaşsyzlygynyň  we ösüşiň 25 ýyly: Türkmenistan we Hindistan» atly halkara maslahatyny we medeni çäräni geçirdi.

Çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Belarusyň, Bruneýiň, Dominikan Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Kolumbiýanyň, Latwiýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Sloweniýanyň, Tunisiň, Türkiýeniň, Özbegistanyň ilçileri we diplomatlary, Hindistanyň DIM-niň we Nebitgaz ministrliginiň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň professorlary, işewürler, lukmanlar, doktorantlar, aspirantlar we Hindistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, Hindistanyň neşirleýin, elektron we telewizion HBS-niň habarçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň adyndan hödür-kerem edildi, şeýle hem, maslahatyň ähli gatnaşyjylaryna Türkmenistanyň nyşanlary ýerleşdirilen ýadygärlik sowgatlary, bukletler we beýleki neşir önümleri gowşuryldy.