TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MALAÝZIÝADA GEÇIRILEN SPORT ÇÄRESI

2016-njy ýylyň 27-nji fewralynda, 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen bagly Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala Lumpur ş.) Ilçihanasy tarapyndan Malaýziýada bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda sportyň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş gurnaldy.

Agzalan sport çäresi Malaýziýada ýerleşýän «LIMKOKWING», “HELP”, «MANAGEMENT AND SCIENCE», «SEGI», «UCSI», “TAYLOR`S” uniwersitetlerinde we «WESTMINSTER» halkara kollejinde okaýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda Malaýziýanyň Selangor ştatynyň Subang Jaýa şäherinde ýerleşýän “Sunway” sport toplumynda geçirildi.

Kiçi fotbol ýaryşy, agzalan ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplaryndan düzülen 4 sany toparyň arasynda gurnalyp, onuň netijesi boýunça ýeňiş gazanan toparlara we oýunda saýlanan oýunçylara Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň adyndan höweslendiriji sowgatlar we medallar gowşuryldy.