TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAPAR BILEN KATAR DÖWLETINDE BOLDY

2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ganem bin Abdullah Al Romaýhi bilen gürrüňdeş boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň uçary Katar Döwletiniň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp, Doha şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Katar Döwletiniň döwlet ministri Şeýh Fahd bin Faýsal Al Tani hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz\iň awtoulag kerweni howa menzilinden halkara “Halifa” stadionyna geldi. Bu ýerde stadionyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, Katara gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi hem-de bu sapara iki doganlyk halkyň dostlukly gatnaşyklaryny we netijeli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň subutnamasy hökmünde baha berilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň Futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagtynda Katara sapar bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Kataryň Emirine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Soňra duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar türkmen wekiliýetiniň Katara şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine pugta ynam bildirdiler. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin Kataryň Emirine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we döwlet Baştutanyna ýene-de bir gezek sport çärelerini üstünlikli geçirmegi arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani dostlukly ýurtlaryň halklaryna parahatçylyk, gülläp ösüş, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentini “Halifa” stadionynyň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen ýörite ýerinde Katar Döwletiniň Premýer-ministri, içeri işler ministri Halid bin Halifa bin Abdul Aziz Al Tani mähirli mübärekledi.

Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino birek-biregi mübäreklediler. Döwlet Baştutanymyz hem-de FIFA-nyň prezidenti birek-birege päk niýetli arzuwlaryny aýdyp, ýadygärlik surata düşdüler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow stadionyň meýdançasynda şol wagt dowam edýän dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda çykyş edýän toparlaryň duşuşygyna tomaşa edeninden soňra, Doha şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugrady. Şol ýerde Katar tarapynyň wekilleri bilen hoşlaşyp, uçaryna mündi we Aşgabada tarap ugur aldy.

Paýtagtymyza gelenden soňra, Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar, şol sanda Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ganem bin Abdullah Al Romaýhi garşyladylar. Ilçi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlap, onuň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.