TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇISI TDIM-Ň HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA ÇYKYŞ ETDI

photo

2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkeziniň çäklerinde (TDMUOM) Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.B. Maşalow institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça çykyş etdi. 

Geçen duşuşygyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen Ilçä ýüzlenip, olara takyk we giňişleýin jogap aldylar.