BMG-NIŇ AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMANY SEBITLERI BOÝUNÇA YKDYSADY WE DURMUŞ KOMISSIÝASYNYŇ (UNESCAP) 79-NJY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

photo

2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Bangkok şäherinde, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) ýetmiş dokuzynjy mejlisi öz işine başlady.

"Durnukly ösüş üçin Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde howanyň üýtgemegi boýunça hereketleri çaltlaşdyrmak" mowzugy astynda geçýän bu ýyllyk mejlis, howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin mümkinçilikleri döreder.

Sebitde we onuň aňyrsynda howanyň üýtgemegi boýunça hereketleri çaltlaşdyrmak üçin zerur bolan syýasat ugurlaryny we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen agzalan mejlise Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň hökümet ýolbaşçylary we beýleki gyzyklanýan möhüm taraplar gatnaşýar.

Bu mejlisiň işine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 79-njy mejlisi 2023-nji ýylyň 19-njy maýyna çenli öz işini dowam eder.