BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMANY SEBITLERI BOÝUNÇA YKDYSADY WE DURMUŞ KOMISSIÝASYNYŇ (UNESCAP) ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 19-nji maýynda Taýland Patyşalygynyň, Bangkok şäherinde geçirilýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 79-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaçylygyndaky Türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiah Alisjahbana duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmen tarapy UNESCAP-yň dowamly goldawyny belläp, Komissiýasynyň 79-njy mejlisinde kabul ediljek Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Aral deňzi rezolýusiýasy boýunça gurama tarapyndan berilýän goldawa öz minnetdarlygyny bildirdi.
Ýerine ýetiriji sekretar, öz gezeginde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Komissiýanyň 79-njy mejlisine gatnaşandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, sebitdäki suw meseleleri boýunça Rezolýusiýany işläp taýýarlamak babatynda mundan beýläk bilelikde işlemegi teklip etdi we UNESCAP-yň bu ugurda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan etdi.
Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen UNESCAP-yň arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde işjeňleşdirmegiň, halkara bilermenleriň özara pikir alyşmak işlerini kämilleşdirmek maksady bilen UNESCAP tarapyndan guralýan mowzuklaýyn okuw seminarlarynda we maslahatlaryan türkmen hünärmenleriň işjeň gatnaşmaklarynyň depgini dowam etdirmegiň zerurlygy barada birmeňzeş pikirler beýan edildi.