TÜRKMENISTANYŇ ASEAN-NYŇ ÝANYNDAKY WEKILINIŇ DUŞUŞYKLARY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) ýanyndaky wekili M.Maşalow Assosiasiýanyň 43-nji mejlisiniň we ugurdaş ýygnaklarynyň jemleri boýunça geçirilen brifinge gatnaşdy.

Şol günüň özünde onuň ASEAN-yň Baş sekretary doktor Kao Kim Hurn bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýollary, şeýle hem bu ugurda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.

2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda M.Maşalowyň ASEAN-yň Baş sekretarynyň orunbasary Maýkl Tene bilen duşuşygy geçirildi.