TÜRKMEN-SINGAPUR DIM-ARA GEŇEŞMELERI HAKYNDA

2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-singapur gatnaşyklarynyň häzirki gün tertibini hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar, şeýle hem iň ýokary derejede, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde saparlary guramaklygyň, şeýle hem işewürler forumlaryny geçirmekligiň zerurdygyny bellediler.