Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Ilçisini Kabul etdi
2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.
Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletdir. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar bolsa uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we türkiýeli diplomat ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň hemişe hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýandygyny, halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri, aýratyn-da, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Şeýle hem, 2023-nji ýylyň oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparyny we onuň çäklerinde gepleşikleriň, işewürlik maslahatynyň geçirilendigi we birnäçe wajyp resminamalara gol çekilendigini bellenildi.
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna hem-de hyzmatdaşlygymyzyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn diýip aýtdy.