Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini Kabul etdi
2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi.
J.Owji Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Liderine Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýokary derejede alnyp barylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, özara hormat goýmak we birek-birege düşünişmek ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň dürli derejedäki Hökümet wekiliýetleriniň amala aşyrýan iş saparlary, şeýle hem geçirilýän maslahatlaşmalar, gepleşikler hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli gatnaşyklar ösdürilýär, hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky özara hereketler has-da berkeýär.
Duşuşykda nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurdaky hünärmenleriň arasynda pikir alyşmalaryň hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny tapmak we olary durmuşa geçirmek üçin peýdaly boljakdygyny, türkmen tarapynyň netijeli teklipdir başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.