Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Eýranyň nebit ministry bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň nebit ministri Jawad Owjiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde häzirki meseleler we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary artdyrmakda özara gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem iki dostlukly ýurduň energetika ulgamyndaky mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň häzirki wagtdaky ýagdaýy hem-de mümkin bolan ugurlary nygtaldy.