TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ MALAÝZIÝANYŇ ÝOKARY OKUW JAÝLARYNDA OKAÝAN TALYPLAR BILEN DUŞUŞYGY

2014-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň DIM-niň wekiliýeti Malaýziýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan Türkmenistanly talyplar bilen duşuşyk geçirildi.   

Duşuşykda bellenilişi ýaly, ýaşlar – her bir döwletiň möhüm strategiki ugry bolup durýar. Türkmenistan üçin bilim ulgamynyň ösdürilmegi – döwlet syýasatynyň ähmiýetli bölegi bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilim syýasatyna uly üns berýär, ýaşlaryň bilim derejeleriniň ýokarlandyrylmagy, olaryň beden saglygynyň berkidilmegi babatda düýpli işleri alyp barýar we munuň üçin ruhy-ahlak gymmatlyklary ileri tutulýar. Ýurt öz ösüşiniň hil taýdan täze derejesine çykdy we munuň üçin hünärmenleriň täze nesli zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilim syýasatynda, şol sanda daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlara hem goldaw bermegini dowam etdirer.       

Duşuşykda çykyş eden talyplar, ilkinji nobatda Türkmenistanyň Prezidentine bilim ulgamy ýaly möhüm ugurda ýaşlar ugrundaky yzygider aladasyna we döwlet derejeli goldawyna öz minnetdarlyklaryny bildirdiler. Olar şeýle hem öz talyplyk durmuşlaryndan, okuwlaryň alnyp barylyşy we Malaýziýanyň bilim ulgamynda öz ele alýan hünärleri boýunça pikirleri alyşdylar.