TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ WEKILIÝETINIŇ MALAÝZIÝA SAPARY

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky DIM-iň wekiliýeti Malaýziýa iş sapary bilen bardy, ol ýerde ýurduň döwlet edaralary bilen iki ýurduň arasynda dürli pudaklarda bar bolan döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

2014-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Malaýziýanyň Daşary işler ministri Anifah Amanyň ýolbaşçylyk etmeginde ýurduň DIM-niň wekiliýeti bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen-malaý gatnaşyklarynyň giň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma döredýän möhüm halkara meseleleri boýunça pikirler alyşdy.