TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI MALAÝZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY WE DIPLOMATIÝA INSTITUTYNYŇ (IDFR) BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 8-nji martynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa institutynyň (IDFR) Baş direktory Dato’ Sýed Bakri Sýed Abdul Rahmanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Ilçi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa institutynyň (IDFR) bilen hyzmatdaşlygy has hem ösdürmek babatynda bilelikde degişli işleri geçirmekligiň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa institutynyň (IDFR) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň gelejekde gol çekilmegi bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrmaga itergi berer diýip nygtaldy.