TÜRKMENISTANYŇ MEKDEP OKUWÇYLARY MALAÝZIÝADA GEÇEN OLIMPIÝADADA 5 SANY MEDAL GAZANDYLAR

2016-njy ýylyň 1-3-nji apreli aralygynda Malaýziýanyň Penang adasynda geçirilen Malaýziýanyň Halkara Ýaş Oýlaptapyjylar Olimpiýadasynyň “MIYIO-2016” dowamynda Türkmen wekilleri bir altyn, üç sany kümüş we bir bürünç medallaryny gazandylar.

Malaýziýanyň Bilim Ministrliginiň başlangyjy bilen geçirilen bu Olimpiýadada Türkmenistanyň adyndan öz taslamalary bilen ýurdumyzyň paýtagtynda ýerleşýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň we Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýörüteleşdirlen 41-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary çykyş etdiler.

Olimpiýada Türkmenistandan bäş sany taslama hödürlendi we olaryň ählisi baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Malaýziýanyň Halkara Ýaş Oýlaptapyjylar Olimpiýadasyna dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň mekdep okuwçylary tarapyndan dürli ugurlar boýunça 260 sany ylmy taslama hödürlendi.