Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada
2024-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhammedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri düýn Moskwa oblastynda bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly ýagdaý bilen baglanyşykly öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tüýs ýürekden gynanç sözlerini beýan etdi. Şol bir wagtyň özünde, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözleri ýetirildi, şeýle hem bu aýylganç terrorçylyk hereketi netijesinde ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegleri beýan edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Türkmenistan üçin ýakyn goňşy we dost-doganlyk döwleti bolandygyny hem-de şeýle bolmagyna galýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle kyn pursatda Türkmenistanyň doganlyk goldawyna doly bil baglap bilinjekdigi beýan edildi. Şu agyr pursatda lukmançylyk kömegini bermek, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we beýleki zerur serişdeleri ibermek teklip edildi.