TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇISINIŇ MALAÝZIÝANYŇ PARLAMENTINIŇ SENATYNYŇ WISE-PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Parlamentiniň Senatynyň Wise-prezidenti Datuk Nur Jazlan bin Tan Sri Mohamediň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlyk netijeli gatnaşyklary üpjün etmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygy barada nygtap geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda, Malaýziýanyň Parlamentiniň Senatynyň Wise-prezidenti Datuk Nur Jazlan bin Tan Sri Mohamed, özüniň Türkmenistana saparyny amala aşyrmaklyga gyzyklanma bildirdi. Ilçi hem öz gezeginde minnetdarlygyny bildirmek bilen, gelejekde amala aşyryljak saparlaryň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny artdyrmaga itergi berer diýip nygtady.