Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Angola Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (ýaşaýan ýeri Moskwa ş.) Auguştu da Silwa Kunýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda A.Gurbanow Ilçini ýokary wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa üstünlikler we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alyp barjak işinde rowaçlyklar arzuw etdi.

Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini, şol sanda halkara işlerine we başlangyçlaryna özara goldawyň ähmiýetini bellediler.

 Pursatdan peýdalanyp, ministriň orunbasary Angola Respublikasynyň Ilçisine 2023-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistan tarapyndan teklip edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly BMG-nyň Baş Assambleýasynyň kararnamasynyň kabul edilmegine goldaw berenligi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda Ilçi Auguştu da Silwa Kunýa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasaryna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we diplomatik işiniň dowamynda Türkmenistan bilen Angolanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmek we berkitmek üçin ähli tagallalary ýerine yetirjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda ministriň orunbasary türkmen tarapynyň Ilçä diplomatik işinde doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.