TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, UNESCAP-Ň ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Taýland Patyşalygynyň, Bangkok şäherinde geçirilýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaçylygyndaky wekiliýet BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiah Alisjahbana duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň wekiliýeti UNESCAP-yň türkmen tarapy bilen alyp barýan işjeň özarahereketleri barada bellemek bilen, BMG-niň Köp gatnaşyjyly ynam gaznasyny döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjynyň, şeýle hem UNESCAP-yň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Aral deňzi boýunça öňe süren Rezulýusiýasynyň kabul edilmeginde görkezen köptaraply goldawlary üçin bu guramanyň ýolbaşçylaryna we sekretariatyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen UNESCAP-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini geljekde has-da işjeňleşdirmegiň, hususan-da
BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) çarçuwasynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy hem-de UNESCAP-yň guramagynda geçirilýän maslahatlara we mowzuklaýyn seminarlara türkmen hünärmenleriniň işjeň gatnaşmaklarynyň depginini pugtalandyrmagyň zerurlygy barada birmeňzeş pikirler beýan edildi.

Ýerine ýetiriji Sekretar, öz gezeginde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Komissiýanyň 80-nji mejlisine gatnaşandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, sebitdäki suw meseleleri boýunça Rezolýusiýany işläp taýýarlamak babatynda mundan beýläk bilelikde işlemegi teklip etdi we UNESCAP-yň bu ugurda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan etdi.