Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýylyň birinji ýarymynda alnyp barylan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

 

2024-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarymynda döwletimiziň daşary syýasy işiniň jemlerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarlarynyň we Türkmenistanyň DIM-niň birnäçe departamentleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem, mejlisiň gün tertibine ýylyň ikinji ýarymynda ýerine ýetirmeli wezipeleri kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 11-nji iýulynda gol çeken Karary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi edarasynyň düzümine üýtgeşmeleriň girizilendigi, ýagny täze departamentleriň – Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň hem-de Konsullyk gullugy departamentiniň döredilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mejlisinde konsullyk we daşary syýasy habarlar işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk teklipleri taýýarlamak bilen baglanyşykly tabşyryklar berildi.