Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 16-17-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy geňeşmeleri we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin Slowakiýa Respublikasyna bardy. Saparyň esasy maksady ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar.

Saparyň çäklerinde A.Gurbanowyň Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Marek Eştok, Slowakiýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary Wladimir Şimonýak, Prezidentiň Diplomatik meseleler boýunça geňeşçisi  Ýan Kubiş, Slowakiýanyň Milli Geňeşiniň (Parlament) daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Marian Keri we Slowakiýanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Peter Mihok bilen duşuşyklary geçirildi.

Syýasy-diplomatik çygyrda ýokary derejeli saparlary goşmak bilen yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Halkara giňişliginde iki tarap hem öz ýurtlarynyň başlangyçlaryny birek-birege goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdiler

Taraplar halkara giňişliginde ýurtlaryň öňe sürýän başlangyçlaryny özara goldaýanlyklary üçin birek-birege minnetdarlyk bildirdiler we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny bellediler.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ýurtlaryň arasyndaky, esasan hem ykdysady çygyrdaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek barada ylalaşdylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylda Bratislawa şäherinde geçirmek barada ylalaşyldy.

Medeni-ynsanperwer ugurda iki ýurduň arasynda talyp alyş-çalyşygyny guramak, şeýle hem özara medeni çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.