TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI MALAÝZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretarynyň orunbasary Dato’ Ahmad Rozian Abd. Ganiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda, 2024-nji ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn türkmen-malaý gatnaşyklaryny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen bilelikde durmuşa geçirilmeli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyñ ahyrynda Ilçi Malaýziýanyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana ýakynda amala aşyryljak saparynyň we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmeleriň ýokary derejede geçirilmegi üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny belläp geçdi.