TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI MALAÝZIÝANYŇ IÇERI IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M. Maşalow bilen Malaýziýanyň Içeri işler Ministri Datuk Seri Saifuddin Nasution Bin Ismailiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyň barşynda, Ilçi hem-de Malaýziýanyň Içeri işler ministri uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda, Ilçi Malaýziýanyň Türkmenistan üçin ýakyn dost-doganlyk döwlet bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi we Malaýziýanyň Içeri işler ministri iki dost-doganlyk ýurduň we sebitiň abadançylygynyň, parahatçylygynyň bähbidine däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.