Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişmek ugrunda taýýarlanylan iş meýilnamasy, gowaçalara ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, şeýle hem sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreler, gowaçanyň hatarara bejergisi we zyýankeş mör-möjeklere garşy göreş çäreleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, galla orujy kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň orak möwsümine taýýarlygy bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Möwsümiň dowamynda galla kabul ediş bölümleriniň we bu işe dahylly tehnikalaryň bökdençsiz işledilmelidigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaçalara oba hojalykçy alymlaryň maslahatlaryna laýyklykda ideg etmek, ýörite tehnikalary ulanmak, ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüniň alynmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça ýerine ýetirilen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça welaýatda guralan çäreler barada habar berildi.

Hasabatda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gant şugundyrynyň ekişiniň tamamlaýjy tapgyra gadam basandygy, gök-bakja önümlerini ýetişdirmek işleriniň alnyp barylýandygy barada habar aýdyldy.

Milli Liderimiz galla oragy möwsümini guramaçylykly we bellenen möhletlerde geçirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmegini talap etdi. Döwlet Baştutanymyz gant şugundyrynyň ekişiniň barşyny gözegçilikde saklamagy, möwsümleýin işler bilen bir hatarda welaýatda gök-bakja we ot-iýmlik ekinler üçin bölünip berilýän meýdanlary giňeltmek boýunça işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini, olaryň bellenen möhletlerde gurlup, ulanmaga berilmegini ýola goýmak meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işler, galla oragyna görülýän taýýarlyk, möwsümiň gysga wagtda we ýokary hilli geçirilmegi boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama, gowaçalara we beýleki ekinlere edilýän ideg işleriniň derejesi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, dürli maksatly binalaryň gurluşygy, olaryň öz wagtynda gurlup, ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanýar.

Şeýle hem häkim welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda iň wajyp möwsüm hasaplanylýan galla oragyna taýýarlyk derejesiniň talabalaýyk bolmalydygyna ünsi çekip, orak möwsümine dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, bugdaý oragyny gysga wagtda we guramaçylykly geçirmek, gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan ideg işlerini göwnejaý derejede alyp barmak babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, şaly ekişini gysga möhletde we ýokary hilli geçirmek üçin ähli zerur guramaçylyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleriň, şol sanda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän durmuş-ykdysady maksatly desgalarda işleriň ýokary hilini üpjün etmek boýunça meseleleriň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna taýýarlygyň çäklerinde möwsümde işlediljek kombaýnlaryň we awtoulaglaryň sanawyny kesgitlemek, kabul ediş bölümlerini degişli derejede taýýarlamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň barşy, gowaçalary iýmitlendirmek hem-de zyýankeşlere garşy göreşmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada aýtdy. Şaly ekişini gysga möhletde we guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hasabatyň özenini düzdi.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatyň täze gurulýan iri desgalarynda alnyp barylýan işler, desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 6-njy iýunda başlanjak galla oragyny gysga möhletde we guramaçylykly geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Galla oragy möwsüminde welaýatyň kabul ediş bölümleri, däne orýan kombaýnlar, awtoulaglar we beýleki tehnikalar bökdençsiz işledilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem gowaçalara ideg etmek boýunça çärelere ünsi çekdi. Şunda gowaçalary öz wagtynda ýekelemek we otag işlerini gysga möhletde tamamlamak häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Mundan başga-da, bugdaýdan boşan meýdanlarda şaly ekişini ýokary hilli geçirmek maksady bilen, degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak tabşyryldy.

Gurluşygy alnyp barylýan durmuş maksatly desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýdyp, milli Liderimiz olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribelerini utgaşdyrmak meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gowaça we beýleki ekinlere edilýän ideg işleriniň derejesi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gurulýan binalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragyna guramaçylykly girişmek meselesine ünsi çekip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin möwsümi gije-gündiziň dowamynda guramaçylykly alyp barmak maksady bilen düzülen meýilnamanyň pugta berjaý edilmegi, galla kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz şeýle hem gant şugundyrynyň ekişi, ondan bol hasyl almak ugrunda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu işleriň guramaçylykly, talabalaýyk derejede ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda gurulýan dürli maksatly binalaryň öz wagtynda tabşyrylmagy, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi babatynda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilýän ylgaw ýaryşynyň we welosipedli ýörişiň welaýatyň çäklerindäki tapgyrynyň tamamlanmagy mynasybetli degişli düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite maslahaty geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çagyryldy.

Wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, galla oragyna taýýarlyk görmek, şol sanda tehnikany, kabul ediş bölümlerini taýýarlamak we beýleki işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, bugdaýdan boşan meýdanlara degişli ekinleri ekmek boýunça taýýarlanylan meýilnama hakynda habar berildi. Mundan başga-da, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmek, ähli galla kabul ediş bölümleriniň taýýarlygyny, tehnikanyň bökdençsiz işini üpjün etmek babatynda birnäçe tabşyryklary berdi.

Tutuş dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda ekologiýa meselesine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň, şol sanda tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek hem-de olara edilýän ideg işlerini berk gözegçilikde saklamak meseleleriniň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde amala aşyran giň möçberli işleriniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde paýtagtymyzyň çäklerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş we arassaçylyk işleri, jemagat hojalygy gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şäherde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, olaryň öz wagtynda gurlup, ulanmaga berilmegini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem häkim paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini, inženerçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, ekologiýa taýdan amatly şäher gurşawyny kemala getirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn we netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekip, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Aýratyn-da, şäher ýollarynyň gurluşygynda, olary abatlamak işlerinde hil derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynyň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz geçirilýän işleriň bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelmegini üpjün etmek babatynda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, möhüm oba hojalyk möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, adamlar üçin amatly durmuş we zähmet şertlerini döretmek hem-de ähli meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň wajypdygyny ýene bir gezek belledi.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşanlara berk jan saglyk we Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.