Ykdysadyýet Türkmenistanda galla oragy badalga aldy

6-njy iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daýhanlara täze zähmet üstünliklerini arzuw edip, möhüm oba hojalyk çäresine ak pata berdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary bu möhüm çärä girişdiler, 13-nji iýunda bolsa olara Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem goşular.

Asyl­ly dä­be gö­rä, ýer­ler­de hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar Be­ýik Bi­ri­bar­dan Wa­ta­ny­my­za hem-de tu­tuş türk­men hal­ky­na aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk di­leg edip, gal­la ora­gy­na ak pa­ta ber­di­ler. Ak­sak­gal­lar “Çä­ji­ňe be­re­ket” di­ýen söz­ler bi­len il­kin­ji bug­daý sün­bül­le­ri­ni orup, öz­bo­luş­ly ny­şa­ny aň­lad­ýan bug­daý des­se­le­ri­ni kom­baýn­çy­la­ra ber­di­ler.

Şu ýyl türk­men gal­la­çy­la­ry­nyň öňün­de güýz­lük bug­daý eki­len 760 müň gek­tar­dan 1 mil­lion 600 müň ton­na bug­daý, şol san­da Ahal we­la­ýa­tyn­da 450 müň ton­na, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 380 müň ton­na, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 350 müň ton­na, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 300 müň ton­na we Bal­kan we­la­ýa­tyn­da 120 müň ton­na bug­daý ýyg­na­mak we­zi­pe­si dur­ýar. Eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­niň esa­sy bö­le­gi­ne “Säh­ra­ýy”, “Ju­wan”, “Bi­ta­rap”, “Ýo­lö­ten-1”, “Ýo­lö­ten-3”, “Türk­men­ba­şy-1”, “Gy­zyl şag­la­wuk-25”, “Mi­ras”, “Ak­baş”, “Iriş­ka”, “Ýu­bi­leý­na­ýa-100”, “Bat­ko”, “Kru­pin­ka” ýa­ly bug­da­ýyň bol ha­syl­ly gör­nüş­le­ri ekil­di.

Ýur­du­myz­da, tu­tuş­ly­gy­na ala­nyň­da, 2018-nji ýy­lyň gal­la ora­gy möw­sü­min­de “Сase”, “New Hol­land”, “John Dee­re”, “СLA­AS” ky­sym­ly dä­ne oru­jy kom­baýn­la­ryň 1 müň 700-si iş­le­di­ler. Tä­ze teh­ni­ka eke­ran­çy­la­ry­my­za bol ha­sy­ly çalt we ýit­gi­siz ýyg­na­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň «John Dee­re In­ter­na­tio­nal GmbH” (Şweý­sa­ri­ýa) hem-de “Umaх Tra­de GmbH” (Ger­ma­ni­ýa) kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len 2017 — 2020-nji ýyl­lar­da 3 tap­gyr­da Türk­me­nis­ta­na ge­tir­mek şer­ti bi­len oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň, en­jam­la­ry­nyň, lä­bik so­ru­jy­la­ryň, şeý­le hem ola­ryň äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­nyň we sarp edil­ýän se­riş­de­le­riň uly tap­gy­ry­ny sa­tyn al­mak ba­ra­da şert­na­ma­ny bag­la­şan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.

Türk­men eke­ran­çy­la­ry ge­çen ýyl­da «John Dee­re W 540” dä­ne oru­jy kom­baýn­la­ryň 150-si­ni, “TU­GA­NO 430” kom­baýn­la­ry­nyň 300-si­ni al­dy­lar. Bu ýyl “TU­GA­NO 430” kom­baýn­la­ry­nyň ýe­ne-de 300-si­niň ge­ti­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Gal­la ora­gy möw­sü­min­de göç­me abat­laý­jy-teh­ni­ki to­par­la­ryň 519-sy gal­la­çy­la­ra hyz­mat edip, ola­ry äh­li ze­rur­lyk­lar — ýan­gyç, ýan­gyç-çal­gy se­riş­de­le­ri, teh­ni­ka­lar üçin äti­ýaç­lyk şaý­la­ry bi­len üp­jün eder­ler. Möw­sü­me gat­naş­ýan me­ha­ni­za­tor­lar, sü­rü­ji­ler we beý­le­ki iş­gär­ler üçin meý­dan dü­şel­ge­le­rin­de ze­rur dur­muş şert­le­ri dö­re­dil­di, şol ýer­ler­de me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň çy­kyş­la­ry gu­ra­lar, göç­me söw­da dü­kan­la­ry he­re­ket eder.

Aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­ne, beý­le­ki mi­nistr­lik­le­re we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na de­giş­li ýük aw­tou­lag­la­ry­nyň 10 mü­ňü­si ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň 162-si­ne, şeý­le hem am­mar­la­ra we ele­wa­tor­la­ra bug­da­ýyň da­şal­ma­gy­ny üp­jün eder. Bug­daý ora­gy­nyň baş­lan­ma­gy­na çen­li taý­ýar edi­len bar­lag­ha­na­lar­da “Türk­mens­tan­dart­la­ry” Baş döw­let gul­lu­gy­nyň hü­när­men­le­ri tab­şy­ryl­ýan bug­da­ýyň hi­li­ni kes­git­lär­ler. Tab­şy­ry­lan ha­syl üçin gal­la­çy­lar bi­len ha­sap­la­şyk işini ge­çir­mek “Daý­han­bank” döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň ýer­li bö­lüm­le­ri­niň üs­ti bi­len öz wag­tyn­da ama­la aşy­ry­lar.

De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň Sy­ýa­sy ge­ňe­şi­niň, Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň, Ag­rar par­ti­ýa­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň, Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň, “Daý­han­bank” döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň, Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň, “Gal­ky­nyş”, “Ne­sil”, “Wa­tan” hem-de “Be­re­ket­li top­rak” ga­zet­le­ri­niň ge­çir­ýän dä­be öw­rü­len bäs­le­şi­gi­niň jem­le­ri öň­de­ba­ry­jy kä­ren­de­çi­le­ri, mülk­dar­la­ry, kom­baýn­çy­la­ry we aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri­ni bel­li eder.

Bug­daý ora­gy­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li we­la­ýat­lar­da Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň, we­la­ýat hem-de et­rap hä­kim­lik­le­ri­niň, “Türk­mens­tan­dart­la­ry” Baş döw­let gul­lu­gy­nyň, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň we­kil­le­riniň, daý­han bir­le­şik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, gal­la­çy kä­ren­de­çi­le­riň, ýa­şu­lu­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da önüm­çi­lik okuw mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di.

Mas­la­hat­la­ryň bar­şyn­da güýz­lük bug­da­ýyň ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­me­giň, dä­ne or­ýan teh­ni­ka­nyň işi­ni ta­kyk we saz­la­şyk­ly ýo­la goý­ma­gyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ýyg­na­nan­lar Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­na we gül­läp ös­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýan oba zäh­met­keş­le­ri ha­kyn­da ed­ýän he­mi­şe­lik ala­da­sy, eke­ran­çy­la­ryň my­na­syp dur­mu­şy, ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi ba­bat­da dö­re­di­len şert­ler üçin mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da oba ho­ja­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler hä­zir­ki wagt­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu mö­hüm pu­da­gy­ny hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re çy­kar­dy. Ýur­du­myz­da tarp ýer­ler öz­leş­di­ril­ýär, ha­syl­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak we ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, to­hum­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär.

Obase­na­gat top­lu­my­nyň dü­züm­le­ri­niň teh­ni­ki taý­dan gaý­ta­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na we döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, hyz­mat edi­ji pu­dak­la­ryň, şol san­da ele­wa­tor­la­ryň, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ryň, mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän za­wod­la­ryň, suw ho­ja­lyk des­ga­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy­na düýp­li ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär. Dün­ýä­niň esa­sy ön­dü­ri­ji­le­ri­niň hä­zir­ki za­man ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ma­gy ak bug­da­ýyň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny ýyg­na­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.

Döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän kö­mek­ler we sal­gyt ýe­ňil­lik­le­ri oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri zäh­me­te hö­wes­len­dir­me­giň mö­hüm şer­ti bol­dy. Hu­su­san-da, eke­ran­çy­lar üçin ýe­ňil­lik­li tö­leg­ler bel­le­nil­di, olar sal­gyt­dan do­ly bo­şa­dyl­dy. Kä­ren­de­çi­le­ri we daý­han bir­le­şik­le­ri­ni to­hum, mi­ne­ral dö­kün­ler, su­wa­ryş su­wy, ösüm­lik­le­ri go­ra­mak­da bio­lo­gi­ki we hi­mi­ki se­riş­de­ler hem-de hyz­ma­tyň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len üp­jün et­mek işi ýe­ňil­lik­li şert­ler­de ama­la aşy­ryl­ýar.

Mun­dan baş­ga-da, “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny” dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de, iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. Ýer­ler­de ila­tyň dur­mu­şy ýyl-ýyl­dan go­wu­lan­ýar. Oba dur­muş de­re­je­si we hi­li bo­ýun­ça şä­he­re bar­ha ýa­kyn­laş­ýar.

Tu­tuş­ly­gy­na ala­nyň­da, bu­la­ryň hem­me­si ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek işi­ni üs­tün­lik­li çöz­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip, oba ho­ja­ly­gy­nyň mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­ne giň ýol­la­ry aç­ýar. Bu ul­gam­da asyr­larbo­ýy top­la­nan tej­ri­be oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ýe­tiş­dir­me­giň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry bi­len üs­tün­lik­li ut­gaş­dy­ryl­ýar.

Şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li — gal­la meý­dan­la­ry­nyň go­la­ýyn­da orak möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýer­le­rin­de ser­gi­ler gu­ra­lyp, olar­da dür­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri, çö­rek we çö­rek önüm­le­ri, hä­zir­ki za­man oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry gör­ke­zil­di. Bu ýer­ler­de we­la­ýat­la­ryň aý­dym­çy­la­ry­nyň, tans we folk­lor to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry gu­ral­dy.