Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran AgroFood» atly ýöriteleşdirilen sergisi açyldy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Eýranyň döwlet hem-de söwda-senagat edaralarynyň, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 60-a golaýynyň wekilleri bar.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy diňlenildi.

Sergide Eýranyň oba hojalygynda we azyk senagatynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri öz öndürýän önümleridir hyzmatlaryny görkezilişe çykardylar.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi. Duşuşygyň gün tertibinde iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiligi bilen baglylykda, hususan-da, söwdada, oba hojalygy we azyk senagaty ulgamlarynda pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda kiçi we orta telekeçileriň derejesinde işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady kuwwaty hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin PrezidentSerdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Serginiň ikinji gününde eýran kompaniýalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäreleri geçiriler. Forumyň jemleýji gününde iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň we telekeçileriniň duşuşygy, foruma gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy geçiriler.