Aşgabat şäherinde Türkmenistan we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki ministrler ýygnagyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Gahryman-Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň hormatly Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň syýasy erkiniň netijesinde kämilleşýän döwletara dialogynyň ýokary derejesini nygtadylar.
Taraplar BMG we ÝB ýaly köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki özara gatnaşyklara garadylar.
Şu nukdaýnazardan ýakyn günlerde Samarkant şäherinde geçiriljek birinji Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyk bilen bagly meseleler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.