Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine we “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyndaky duşuşyga gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Çärä Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Arkalaşygyň formatyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň toplumy boýunça düýpli pikir alyşyldy. Ýakyn geljek üçin syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky köptaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Almaty şäherinde “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Taraplar bu formatyň döwlet baştutanlarynyň sammitiniň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem dialoga gatnaşyjy ýurtlar üçin gyzyklanma bildirilýän ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tertibini kesgitlediler.