Türkmenistanyň DIM-de Gyrgyz Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň halkara guramalaryndaky başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Şeýle hem diplomatlar howpsuzlyk, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.