Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Al-Arabiýa” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň geljekde dünýä KHBS-ri bilen, hususan-da “Al-Arabiýa” meşhur teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy barada bellenip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetleriniň talyplary üçin “Al-Arabiýa” tarapyndan okuw sapaklarynyň geçirilmegi hem-de ýerli KHBS-niň işgärleri üçin hünärini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki orny barada aýratyn nygtaldy.

“Al-Arabiýa” wekiliýeti işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30-ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrylandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.