Kolumbiýa Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

photo

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Ektor Isidro Arenas Neýra bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

M.Bäşimowa dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen, taraplaryň halkara giňişligindäki konstruktiw dialogy ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdiler.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Kolumbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň, şeýle hem  Türkmenistanyň Mejlisiniň we Kolumbiýa Respublikasynyň Kongresiniň arasynda parlamentara dostluk toparyny döretmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary kolumbiýa tarapynyň 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forumyň işine gatnaşmagyna umyt bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Kolumbiýanyň Ilçisi ikitaraplaýyn türmen-kolumbiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.