Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler Ministri Seýed Abbas Arakçiniň Türkmenistana sapary boldy.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri, hususan-da häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda emele gelýän ýagdaý barada pikir alyşdylar.
Şu nukdaýnazardan, Eýranyň Ministri Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna eýran halkyna doganlyk raýdaşlygyny bildirilendikleri we bu ýeňil bolmadyk döwürde birnäçe ynsanperwer meseleleri çözendikleri üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Nygtalyşy ýaly, türkmen tarapy Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda ýüze çykan kyn ýagdaý bilen baglylykda öz garaýyşyny ilkinjileriň hatarynda mälim etdi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn hemişelik bitaraplyk derejesi bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň güýç ulanylmagyny ýa-da ony syýasy we beýleki meseleleri çözmegiň usuly hökmünde peýdalanmak howpuny kabul etmeýändigi bellenildi. Şunda islendik çylşyrymly ýagdaýlary diňe BMG-niň Tertipnamasy hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda parahatçylykly ýollar bilen çözmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleriň giň toplumyny ulanmagyň zerurlygyna aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy islendik halkara meselelerini parahatçylykly çözmek ýörelgelerine berk eýermek bilen, parahatçylygy tizden-tiz gazanmak hem-de bu sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gepleşikleri geçirmek arkaly Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýy çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.
Eýranyň Daşary işler Ministri doganlyk Türkmenistana, onuň ýolbaşçylygyna hem-de halkyna mäkäm goldawlary üçin hoşallyk bildirdi we türkmen tarapy bilen konstruktiw syýasy dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
2025-nji ýylyň 24-nji iýuny