«Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» teatr festiwalynyň netijeleri jemlendi

Türkmenistanyň Baş drama teatrynda «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Oňa Medeniýet ministrliginiň wekilleri, paýtagtymyzyň we welaýat teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Bu çäre iýun aýynyň üçünji ongünlüginde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň özboluşly dowamyna öwrüldi hem-de ilatyň ünsüni ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijiligine çekdi. Festiwalyň çäklerinde görkezilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň esasynda sahnalaşdyrylan “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty”, “Amul Hazar arasy”, “Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Gündogaryň ýyldyzy”, “Kerwenbaşynyň ogly”, “Gürgenç kyssalary”, “Söýgi ummanynda küreksiz” atly oýun tomaşaçylary gadymy söwda ýolunyň taryhy hem-de onuň häzirki zaman dünýäniň kemala gelmegine täsiri bilen tanyşdyrdy.

Milli Liderimiz öz işinde bu transmilli ýoluň halklaryň dostlugynyň berkemeginde hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ösmeginde bahasyna ýetip bolmajak orun eýeländigini nygtaýar. Ýüpek ýoly Ýewropany we Aziýany mäkäm ykdysady we medeni gatnaşyklar bilen birleşdirdi, onuň ýüreginde—Türkmenistanda bolsa Günbataryň we Gündogaryň medeniýetleriniň özara ýakynlaşmak ýörelgesiniň iň gowy däpleriniň ösmegi dowam edýär.

Bu festiwal milli teatr sungatynyň döredijilik mümkinçiliklerini döwrüň alamatlaryna degişli täze işler bilen baýlaşdyrdy. Türkmen halkynyň watançylyk, edermenlik, zähmetsöýerlik, tutanýerlilik, ynsanperwerlik ýaly belent ruhy-ahlak häsiýetlere eýe bolan gahrymanlary döreden oýunlar ýurdumyzyň teatrlarynyň sahna gorlarynyň üstüni ýetirer.

Teatr toparlaryna ýadygärlik sertifikatlaryň, şeýle hem “Erkek keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin”, “Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin”, “Kiçi göwrümli keşbi iň oňat ýerine ýetirendigi üçin”, “Iň oňat drama eseri üçin”, “Suratkeşiň iň oňat işi üçin”, “Iň gowy sahna lybaslary üçin”, “Iň oňat režissura üçin”, “Iň gowy halypaçylyk işi üçin”, “Döredijilik gözlegleri üçin” diýen ugurlarda ýeňiş gazananlara sylaglaryň gowşurylmagy çäräniň möhüm pursadyna öwrüldi.

Ýeňijileriň pikirine görä, şu festiwal halkymyzyň özboluşly taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge mynasyp goşandyny goşdy. Şeýle döredijilik çäresiniň geçirilmegi ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine — medeniýeti we sungaty ösdürmäge uly ünsüň berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

“Hoş gal, festiwal!” diýen aýdym baýramçylyk çäresiniň jemleýji pursadyna öwrüldi.