Türkmen gimnastikaçysy «Aziýanyň ýaňy» festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 4 — 8-nji iýulda geçirilen “Aziýanyň ýaňy” atly sirk sungatynyň XI halkara festiwalynda Türkmenistanyň wekili kümüş baýraga mynasyp boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge ägirt uly üns berýändigi netijesinde täze ösüşe eýe bolan türkmen sirkiniň nobatdaky üstünligidir.

Festiwala Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan hem-de Russiýadan, Fransiýadan, Kanadadan, Wengriýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Wýetnamdan, Nikaraguadan we Efiopiýadan artistler gatnaşdylar. Festiwalyň abraýly eminler topary tarapyndan howa gimnastikasy görnüşinde ildeşimiz Liliana Ýusubowanyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren täsin çykyşy aýratyn bellenildi. Bu çykyşy üçin oňa «Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy we hünär ussatlygy» diýen baýrak gowşuryldy.

Mundan başga-da, Liliana Ukrainanyň Milli sirkiniň ýörite Kubogyna mynasyp boldy. Bu sirkiň ýolbaşçylary hem eminler toparynyň düzümine girdi.

L.Ýusubowa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasydyr. Bu topar Garaşsyz, Bitarap döwletimize dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän esasy bäsleşiklerde mynasyp wekilçilik edýär.

Biziň sirk ussatlarymyz Italiýada, Russiýada, Hytaýda, Türkiýede, Ukrainada, Belarusda we beýleki ýurtlarda çykyş edip, uly üstünlik gazandylar. Olar ençeme gezek iri gözden geçirilişleriň, abraýly sirk bäsleşikleriniň ýeňijileri boldular. Golaýda, şu ýylyň maý aýynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen “Fontankada” halkara sirk sungaty festiwalynda gazanylan baş baýrak — “Altyn Gaetano” atly baýrak hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen çapyksuwarlary özleriniň ajaýyp çykyşlary, at üstünde dürli gyzykly we çylşyrymly tilsimleri bilen tomaşaçylary haýran galdyrýarlar.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň köpüsi sirk sungatynyň beýleki görnüşlerinde hem üstünlikli çykyş edip, özleriniň ussatlygyny has-da ýokarlandyrýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, bu toparda Lilianadan başga-da, howa gimnastikasynda üstünlik gazanan gyzlar bar. 2016-njy ýylda Selbi Şyhyýewa hem “Aziýanyň ýaňy” festiwalynda “Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy we hünär ussatlygy” üçin kümüş medala mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sirk sungaty gaýtadan dikeldildi. Häzirki wagtda Türkmenistanda sirk okgunly ösýän şüweleňler ulgamynda mynasyp orny eýeledi. Ol diňe bir çagalaryň däl, eýsem, uly ýaşly adamlaryň hem göwnünden turýar. Sirk oýunlaryna tutuş maşgala bolup tomaşa edýärler. Ol özüniň täsinligi bilen ähli nesilleriň wekillerini birleşdirýär.

Sirkiň meýdançasyndaky çykyşlar jadyly dünýäniň gapysyny açýar. Şol ýerde batyrgaýlyk hem-de çalasynlylyk, owadanlyk we täsinlik, gözellik hem-de ýiti zehinlilik dabaralanýar. Şoňa görä-de, sungatyň görnüşi hökmünde sirkiň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Döwlet Baştutanymyz sirk sungaty arkaly milli mirasymyzy wagyz etmegiň wajypdygyny aýratyn nygtaýar.

Watanymyzyň çäginden daşda hem meşhurlyga eýe bolan «Galkynyş» we «Türkmen jigitleri» milli at üstündäki oýunlar toparlary şeýle işjeň wagyzçylar bolup durýarlar. Soňky ýyllarda türkmen çapyksuwarlary dünýäniň sirk zehinleriniň hatarynda mynasyp orun eýelediler.

Jigitlerimiziň hem-de ähli sirk artistleriniň belleýşi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi we goldawy has ýokary sepgitleri eýelemäge, işe täzeçe çemeleşmelere hem-de döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.