Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berdiler.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.

Bilelikde Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Prezident Ilham Aliýew Milli Liderimizi mähirli mübärekläp, Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de iki halky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändiklerini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Prezident Ilham Aliýewe iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň tagallalary netijesinde türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýandygyny, ýokary depginler bilen ösýändigini hem-de birek-birege hormat goýmaga, açyklyga esaslanýandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, dünýä we sebit meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibini ilkinji bolup goldandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, iki ýurduň üstaşyr ulag taslamalarynyň sebit üçin möhüm ähmiýetini belledi.

Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň hem netijeli häsiýete eýedigini görkezýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki halkyň hem gadymdan gelýän halyçylyk sungatyny asyrlaryň dowamynda sünnäläp, şu günlere çenli ýetirip gelendiklerini belledi. Şeýle-de türkmen we azerbaýjan halklarynyň bedewlere uly sarpa goýýandyklaryna, özboluşly atşynaslyk, seçgiçilik däplerini dowam etdirýändiklerine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşygyň hem geçiriljekdigini aýtdy we onuň ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sport ulgamynda tejribe alyşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Sözüniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri şu saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň, hyzmatdaşlygyň uzak möhletli strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirdi hem-de doganlyk Azerbaýjan topragynda hemişe bolşy ýaly, mähirli kabul edilendigi üçin azerbaýjan tarapyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, öz adyndan, şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Prezident Ilham Aliýew çakylygy we hoşniýetli sözleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, azerbaýjan tarapynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.