BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki ugurdaş çäreler

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde BMG-niň düzüm birlikleriniň we beýleki halkara guramalaryň guramagynda birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi. Olarda DÇBÖBD-niň ykdysadyýetlerini ösdürmek, durnuklylygy pugtalandyrmak bilen bagly meselelere garaldy.
Tehnologiýalar we innowasiýalar arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde özgertmeleri öňe sürmek mowzugyna bagyşlanan çäre şolaryň esasylarynyň biri boldy. Onda durnukly özgertmeleri üpjün etmekde tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň eýeleýän möhüm ornuna üns çekildi. Hususan-da, ulag-logistika ulgamyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, “akylly” ulag ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagynyň ýük dolanyşygyny ýeňilleşdirmek we çaltlaşdyrmak arkaly söwda hem-de ýol çykdajylaryny azaltmaga ýardam berýändigi bellenildi. “Ýaşyl” tehnologiýalaryň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy, “ýaşyl” logistika çözgütleriniň ösdürilmegi barada hem çykyşlar diňlenildi.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň guramagynda geçirilen “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ösüşe bolan hukugy durmuşa geçirmek” atly çärede bu ugurda öňde goýlan wezipeler bilen baglanyşykly pikir alyşmalar boldy.
“Afrikada ýerleşýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde azyk howpsuzlygyny berkitmek: durnukly azyk ulgamlaryny emele getirmek üçin hususy pudagyň maliýeleşdirilmegi, söwdanyň giňeldilmegi we sebitleýin integrasiýa” atly çäre hem häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň birine bagyşlandy.
BMG-niň Senagat ösüşi guramasy (UNIDO) tarapyndan guralan ugurdaş çärede deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde oba hojalyk pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça innowasion çözgütleri giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Durnukly ösüş üçin Gün energiýasyny giňeltmek arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde maýa goýumlary we innowasiýalary ornaşdyrmak” atly mejlis gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ykdysady ösüşe goşýan goşandyna bagyşlandy.
Gün energiýasynyň elýeterliligini ýokarlandyrmagyň, energetiki geçişiň, “ýaşyl” tehnologiýalaryň DÇBÖBD üçin durnukly ösüş babatda döredýän mümkinçilikleri mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň esasyny düzdi.
“Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýanyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin döredýän mümkinçilikleri” atly mejlisde çykyş edenler ekologik durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara hukugyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri barada durup geçdiler.
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ulag we söwdany ýeňilleşdirmek babatda BMG-niň hukuk gurallaryny ulanmak” atly ugurdaş çäre Milletler Bileleşiginiň binýadynda işlenip taýýarlanylan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ähmiýeti barada pikir alyşmak üçin esasy meýdançalaryň biri boldy.
“Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde elektron söwda üçin institusional düzümler we sanly döwlet infrastrukturalary” atly mejlisde söwda ulgamynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine seredildi.
“Utgaşykly milli maliýe çarçuwalary arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde maliýe ulgamy boýunça durnukly ösüşi üpjün etmek” atly ugurdaş çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan guralyp, onda maliýe ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek we tagallalary birleşdirmek barada pikir alşyldy.
Bütindünýä Söwda Guramasy tarapyndan guralan “Ykdysady ösüş we söwdany ýeňilleşdirmek üçin ulag geçelgeleri” atly mejlisde ulag geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetiniň we halkara söwdanyň ösüşindäki möhüm ornuna üns çekildi.
Bellenilişi ýaly, dürli ýurtlaryň ýa-da sebitleriň arasynda ýolagçylary we harytlary daşamagy üpjün edýän zerur infrastrukturalar, hususan-da, portlar, terminallar, logistika merkezleri ykdysady ösüşe uly goşant goşýar.
“Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin durnukly arabaglanyşyk” mowzugyna bagyşlanan ugurdaş çärede çykyş edenler bu ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň we halkara söwda ulgamyna goşulyşmagynyň öňde goýýan wezipeleri bilen baglylykda, durnukly arabaglanyşygy üpjün etmegiň ähmiýeti barada durup geçdiler
“Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin durnukly arabaglanyşyk” mowzugyna bagyşlanan ugurdaş çärede çykyş edenler bu ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň we halkara söwda ulgamyna goşulyşmagynyň öňde goýýan wezipeleri bilen baglylykda, durnukly arabaglanyşygy üpjün etmegiň ähmiýeti barada durup geçdiler
Umuman, geçirilen ugurdaş çärelerde DÇBÖBD-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek arkaly ählumumy ösüşe goşant goşmagyň mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşmalar boldy. Olara gatnaşyjylar mejlisleriň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.