Awazada DÖM-na ýetmek üçin parahatçylyk, ynanyşmak we inklýuziw dolandyryş meseleleri boýunça ugurdaş çäre geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylykly we inklýuziw jemgyýeti gurmaga ýardam edýän Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge itergi bermek” atly ýokary derejeli ugurdaş çäre geçirildi.

Çäräni, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi bilen bilelikde gurady.

Gün tertibiniň esasy temasy sebitleýin we global ölçeglerde parahatçylykly gepleşikleri we köp formatly hyzmatdaşlyk pikirlerini wagyz etmek boldy. Durnukly ösüşiň 16-njy maksadyna ýetmek, parahatçylykly, adalatly we öz içine alyjy jemgyýetleri ösdürmek, adalata elýeterliligi üpjün etmek we täsirli we jogapkärçilikli guramalary berkitmek üçin parahatçylygyň, ynamyň we inklýuziw dolandyryşyň ähmiýeti jemlendi.

Bu foruma ýurduň ýokary derejeli wekilleri, sebit hünärmenleri we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

BMG-nyň Baş sekretarynyň ýörite wekili we UNRCCA-nyň başlygy Kaha Imnadze öz çykyşynda durnukly ösüş we sebitleýin integrasiýa üçin parahatçylygyň we ynamyň iň möhüm esasdygyny aýtdy. "Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin gülläp ösmegiň ýoly durnukly syýasy mehanizmler, inklýuziw dolandyryş we goňşuçylyk gatnaşyklary arkaly amala aşyrylýar" -diýip, UNRCCA-nyň Merkezi Aziýa döwletlerine sebit gepleşiklerini, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde berýän goldawyny tassyklady.

Belli bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG Baş Assambleýasy 86 ýurduň awtordaşlyk etmeginde "2025 - Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly" atly kararnamany biragyzdan kabul etdi.

Ýurdumyzyň ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanyň işiniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda şöhlelendirildi. Konsepsiýa häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de wehimlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy we netijeli dialogyň, özara düşünişmegiň, jogapkärçiligiň esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirildi.

Parahatçylyk we ynanyşmak ählumumy abadançylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm şertleriniň biri bolup, DÇBÖBD üçin wajyp ähmiýete eýedir. Geografik taýdan ýerleşişi bilen baglylykda, bu ýurtlar üçin ulag-logistika infrastrukturasynyň durnuklylygy örän wajypdyr. Munuň özi degişli wezipeleri çözmekde utgaşdyryjy çemeleşmeleriň we hereketleriň zerurdygyny şertlendirýär.

Bu çäre, Avaza Hereket Maksatnamasynyň, esasanam söwda, sebit integrasiýasy we durmuşa geçiriş ugurlaryndaky ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Gatnaşanlar syýasy durnuklylyk, ynanyşmak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga esaslanyan diplomatiýa özara baglanyşygy ösdürmekde, maýa goýumlaryny çekmekde we durnukly ykdysady ösüşi ösdürmekde möhüm orny eýýeleýändigini bellediler.