Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy barha uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan ŞHG-ä agza döwletler bilen dürli formatlarda hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrmaga we goňşy döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.

...Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Týanszin şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Hytaý Halk Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow “Meýszýan” sergi we maslahatlar merkezine bardy.

Merkeziň foýesinde Türkmenistanyň Prezidentini HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy mähirli garşyladylar we bilelikde surata düşdüler.

Sammite gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we onuň maşgalasy Pen Liýuanyň adyndan agşamlyk nahary berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary dowam edýär.